Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi

22:1020.10.2022
0
29793

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de pudaklary ösdürmek bilen bagly käbir resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 7-nji gurultaýynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna, «Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda» Permanyň hem-de bu komitetiň meseleleri hakyndaky, Bilim ministrliginiň meseleleri hakyndaky Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Döwlet Baştutany Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, hödürlenen resminamalara gol çekdi we olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işi bes edilip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti işini bes eden Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnama» hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň