Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldi

21:3620.10.2022
0
33060

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 20-nji oktýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çaklygy boýunça Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Biraz ozal Özbegistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabat Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde özbek Liderini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew hem-de beýleki resmi adamlar garşy aldylar.

Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra Özbegistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bu ýerden sapar mahalynda özbek Lideri üçin bellenilen kabulhana tarap ugrady.

Resmi saparyň çägindäki esasy wakalaryň ertir — 21-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň