Turkmenportal logo
20.10.2022
1571915719
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebi gysga möhletli okuwlara kabul edýär

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebi hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça aşakdaky gysga möhletli tölegli okuwlara kabul edýändigini mälim edýär:


«Matany nagyşlaýjy suratkeş» — okuw möhleti 6 aý


«Suratkeş» — okuw möhleti 6 aý


«Dellekçi» — okuw möhleti 3 aý


Täze açylan okuwlara girmäge isleg bildirýänleriň resminamalarynyň häzirki günlerde kabul edilip başlanandygyny ýatladýarys.


Okuwlar 1-nji noýabrdan başlaýar.


Okuwlary doly tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.


Hünär-tehniki okuw mekdebiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheriniň Mäti Kösäýew köçesiniň 68-nji jaýy;


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-10-09, 36-38-64.