Turkmenportal logo
19.10.2022
1385013850
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Aşgabat» myhmançylykda «Şagadamy» ýeňdi

«Aşgabat» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyrynda «Şagadamy» ýeňlişe uçratdy. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşyk paýtagtyň adybir toparynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Duşuşykda «Aşgabadyň» pökgülerini 27-nji minutda Bäşim Gurbanberdiýew, 65-nji minutda Pirmyrat Sultanow geçirdi.


Bu utulyşdan soň 19 utukda galan «Şagadam» heniz hem ýaryş tertibiniň bäşinji basgançagynda. Altynjy orundaky «Aşgabat» bolsa 13 utuga beýgeldi.


26-njy oktýabr güni «Şagadam» bilen «Aşgabat» Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynda hem duşuşarlar.


22-nji oktýabrda geçiriljek 16-njy tapgyryň duşuşyklarynda «Aşgabat» «Köpetdagy» kabul eder, «Şagadam» bolsa «Nebitçiniň» myhmany bolar.