Turkmenportal logo
19.10.22
1897318973
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransuz milliarderi internetde yzarlanýandygy üçin uçaryny satýar
Surat: techinsider.ru

LVMH kompaniýasynyň baş direktory Bernar Arno internetde yzarlanýandygy üçin uçaryny satmakçydygyny mälim etdi diýip, «Radio Classique» radioýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.


Fransuz milliarderiniň sözlerine görä, ol hususy uçaryndan sosial ulgamlarda özüniň her bir uçuşyny we gonuşyny yzarlaýan akkauntlar peýda bolandan soňra ýüz döndermek kararyna geldi. Internet sahypalarynyň eýeleri muny baý adamlaryň şeýle uçuşlary sebäpli planetanyň howa gurşawynyň näderejede hapalanýandygyny görkezmek üçin edýärler diýip, ol nägileligini bildirdi.