Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň agzalary palatanyň 20-nji oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän mejlisiniň gün tertibini tassyklady diýip, «Kazinform» Senatyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
Palatanyň penşenbe güni geçiriljek ýygnagynda «Gazagystan-türkmen döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda» Kanunyň taslamasyna serediler.
Resminamanyň tassyklanylmagy suwdaky biologik we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hem-de balyk tutmak üçin özygtyýarly hukuklaryň amala aşyrylmagy, şeýle hem iki ýurduň döwlet serhetleriniň durnuklylygy üçin oňyn şert döreder.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisiniň barşynda «Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy. 17-nji aprelde bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen «Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda» Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakyndaky resminama gol çekdi.

