Turkmenportal logo
17.10.22
1303313033
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Rosselhoznadzor» Türkmenistandan satyn alnan ýüňleriň arassaçylyk kadalaryna laýyklygyny tassyklady

1 – 14-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Çuwaş Respublikasy we Ulýanowsk sebiti boýunça «Rosselhoznadzoryň» hünärmenleri Türkmenistan we Özbegistan Respublikalaryndan Ulýanowsk sebitine 5 tapgyrda 97 tonna goýun ýüňüniň eltilmegine gözegçilik etdiler. Bu barada rus elektron neşirlerinde habar berilýär.


Bellenilişi ýaly, import edilen ýüňler bildirilýän talaplar boýunça ýuwulýar. «Rosselhoznadzoryň» hünärmenleri ýüňüň hiline, daşalyşyna we beýleki degişli talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etdiler.


Umuman, ýylyň başyndan bäri Ulýanowsk sebiti Türkmenistandan we Özbegistandan 56 tapgyrda 1109,4 tonna goýun ýüňüni import etdi.


«Rosselhoznadzor» edarasy tarapyndan geçirilen gözegçiligiň netijelerine görä, ýüň import edilende weterinariýa-arassaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýär.