Turkmenportal logo
16.10.22
2976229762
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Noýabr aýynda Daşoguz şäherinde Türkmen-özbek dostluk festiwaly geçiriler
Noýabr aýynda Daşoguz şäherinde Türkmen-özbek dostluk festiwaly geçirilerSurat: dressya.ru

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda ýurtda güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, mejlis Hökümet agzalarynyň we Milli Geňeşiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda dowam etdi.


Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa Daşoguz welaýatynda Türkmen-özbek dostluk festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, özbek tarapy bilen ylalaşyga laýyklykda, bu festiwaly Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 16-17-nji noýabr aralygynda geçirmek teklip edilýär. Festiwalyň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, doganlyk halklaryň amaly-haşam sungatynyň sergisini guramak, sahna oýunlarydyr filmleriň görkezilişi göz öňünde tutulýar.


Döwlet Baştutany öňde boljak döredijilik forumynyň gadymyýetden gaýdýan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan we iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirip, festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.