Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arsenal» arany açýar

23:2816.10.2022
0
16253
«Arsenal» arany açýar
Surat: sprts.ru

Bu gün Angliýanyň premýer-ligasynda 10-njy tapgyryň birnäçe oýunlary geçirildi. Tapgyryň merkezi oýunda «Liwerpul» «Mançester Sitini» myhman alyp, Muhammed Salahyň 76-njy minutdaky goly bilen minimal hasapda ýeňiş gazandy. Ýeri gelende, «Mançester Sitiniň» özara oýunlarda bassyr bäşinji gezek «Liwerpuly» ýeňip bilmändigini bellemek gerek. Şeýle-de şu gün «Arsenal» myhmançylykda «Lidsi» Bukaýo Sakanyň 35-nji minutdaky goly bilen 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, birinji ýerdäki «Arsenal» ikinji orundaky «Mançester Sitiden» aralykdaky utuk tapawudyny 4-e çykarmagy başardy. Mundan başga-da, şu gün bolan oýunlarda «Mançester Ýunaýted» öz öýünde «Nýukasl» bilen 0:0 hasabynda deň oýnan bolsa, «Çelsi» Mauntyň 6-njy we 65-nji minutlardaky gollary bilen myhmançylykda «Aston Willadan» 2:0 hasabynda rüstem geldi. Tapgyryň ýene bir esasy oýnunda düýn «Tottenhem» öz öýünde «Ewertony» 2:0 hasabynda (Gollar: Keýn 59 p, Hýoýberg 86) ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň