«El-klassikoda» «Real» ýeňiş gazandy

21:4816.10.2022
0
21604
«El-klassikoda» «Real» ýeňiş gazandy
Surat: Managing Madrid

La Liganyň 9-njy tapgyryndan orun alan merkezi oýunda Madridiň «Realy» öz öýünde «Barselonany» 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýunda ýer eýeleriniň gollaryna Benzema (12), Walwerde (35) we Rodrigo (90+1) awtorlyk etdiler. Myhmanlaryň ýeke-täk goly bolsa Torresiň (83) adyna ýazyldy. Şeýlelikde, «Real» özara «el-klassikolardaky» ýeňişleriniň sanyny 101-e ýetirdi. «Barselona» özara oýunlarda 97 gezek ýeňiş gazanan bolsa, ýene 52 oýun deňlikde tamamlanypdyr. Ýeri gelende, «Realyň» soňky 7 özara oýnuň 6-synda esasy garşydaşy «Barselonadan» üstün çykandygyny bellemek gerek.

«Real» bu günki ýeňşi arkaly ähli ýaryşlardaky ýeňlişsiz ýörişini 14 oýna ýetirdi. Şolardan 9-sy içerki çempionatda hasaba alnyp, «Real» La Liganyň bu möwsüminde 8 ýeňiş gazandy we 1 gezek deň oýnady. Häzirki wagtda korollyk gwardiýasy 25 utuk bilen turnir tablisasynda kerwenbaşylygyny dowam edýär. Ikinji orundaky «Barselonanyň» hasabynda bolsa 22 utuk bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň