Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze gurulýan döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri we bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Saparyň barşynda welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezi şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada Halk Maslahatynyň Başlygyna giňişleýin maglumat berdiler.
Bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygyna täze merkeziň ýollarynyň, meýdançalaryň hem-de köprüleriň gyralaryna oturdylmagy meýilleşdirilýän germewleriň ozal berlen tabşyryklara laýyklykda seçilip alnan görnüşleri görkezildi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de welaýatyň täze, döwrebap merkezi şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda welaýatyň täze merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de olary bellenen möhletlerde tamamlamak bilen bagly meselelere garaldy.