Turkmenportal logo
15.10.22
5005750057
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Uçuşlar täzeden dikeldileninden soň, Aşgabatdan Minskä ilkinji uçuş amala aşyryldy
Uçuşlar täzeden dikeldileninden soň, Aşgabatdan Minskä ilkinji uçuş amala aşyryldy

«Türkmenistan» awikompaniýasy Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky howa gatnawlar täzeden dikeldileninden soň, şu gün Aşgabatdan Minskä ilkinji uçuşy amala aşyrdy.


Onlaýn tagtadaky maglumatlardan görnüşi ýaly, «Boeing 737-800» uçary ýerli wagt bilen 15:35-de («T5785 uçuşy») Minskä geldi.


Awiakompaniýanyň habar berşi ýaly, göni yzygiderli uçuşlar hepdede bir gezek şenbe güni amala aşyrylar.


Yzyna gaýdyp gelýän «T5786 uçuşy» şenbe güni 17:35-de uçup, 22:35-de Türkmenabat şäherine geldi.


Umumy uçuş wagty takmynan 4 sagat boldy.


Türkmenistandan Belarusa uçar gatnawlary koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy.


«Türkmenistan» awiakompaniýasy häzirki wagtda Stambul (Türkiýe), Moskwa (Russiýa), Kazan (Tatarstan, Russiýa), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa) we Dubaý (BAE) ýaly şäherlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.