Soňky habarlar

Arhiw

Goý, yşyk ýansyn: «Ak Taý» şourumyna dizaýner çyralarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy

15:4514.10.2022
0
15899

Ýaňy-ýakynda öýde rahatlyk döredýän zat bilen gyzyklanýan alymlar ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylarynyň arasynda sosiologik pikir soraşma geçirdiler. Köp adamlaryň öýdäki rahatlygyny ýylylyk we ýagtylyk bilen baglanyşdyrýandygy ýüze çykaryldy. Diýmek, içerde ýagtylygyň ýeterlik bolmagy emosional ýagdaýymyza täsir edip biler.

Güýzüň gelmegi bilen «Ak Taý» kompaniýasynyň wekilleri öýüň içine ýyly yşyk goşmagy teklip edýärler. Adybir kaşaň mebeller dükanyna dizaýner lýustralarynyň, özboluşly bralaryň, asma çyralaryň we öý yşyklandyrylyşy üçin beýleki önümleriň täze tapgyrlary gelip gowuşdy.

«Ak Taý» şourumynda kristallardan düzülen dürli energiýa tygşytlaýjy çyralar we lýustralar, şeýle hem loft stilindäki yşyklandyryş enjamlary hödürlenýär. Satyjy-maslahatçylar alyjynyň islegleriine laýyklykda, öý ýa-da ofis üçin ýokary hilli we owadan yşyklandyryş ulgamyny saýlamaga kömek ederler.

Döwrebap çyralar we nusgawy lýustralar islendik giňişlik bilen sazlaşygy döredip, pes potoloklar bilen bolşy ýaly, beýik potoloklara hem laýyk geler. Minimalist otaglar üçin mermer we granit ulanylan bir çyraly asma lýustralar ajaýyp çözgüt bolar. Uly göwrümli lýustralar uly otaglar we zallar üçin amatlydyr.

Häzirki wagtda otagyň içki yşyklandyrylyşynyň dizaýnerleri ýagtylyk çeşmeleri üçin adaty bolmadyk çözgütler bilen alyjylary geň galdyrmaga çalyşýarlar we adaty çyralary konseptual görnüşlere we sungat obýektlerine öwürýärler.

Täze harytlar bilen «Ak Taý» dükanynda tanşyp bilersiňiz, dükanyň salgysy:

Aşgabat, «Ussat» söwda merkezi. Andalyp we G.Kulyýew köçeleriniň çatrygy (Mir we Obýezdnaýa köç.).

Telefon: (+993 12) 75 31 23.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň