«Ak Taý» hyýalyňyzdaky interýeri hakykata öwürmäge ýardam edýär

13:2415.09.2022
0
28874

Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylaryna öý bezeglerini hyýallardaky ýaly täsin keşpde durmuşa geçirmekde eýýäm 20 ýyl bäri ýardam edip gelýän «Ak Taý» kärhanasynyň hünärmenleri her bir öýüň onuň ýaşaýjysynyň ruhy dünýäsiniň aýnasy bolup durýandygyny belläp geçýärler.

«Ak Taýyň» 2000 inedördül metrlik iki sany şowrumyndan iň döwrebap öý bezegini üpjün etmäge ýardam etjek islendik bezegleri we reňkdarlygyna hem-de dürli aýratynlyklaryna görä öý bezeg harytlaryny tapmak bolýar.

«Serdar söwda gurluşyk» binasynda ýerleşýän şowrumda santehnika, keramika graniti we kemarika plitasy, şeýle-de olary ýerleşdirmek üçin zerur bolan ähli zatlar ýerleşdirilendir.

«Ussat» söwda merkezinde ýerleşýän iki gatlyk şowrumda bolsa öýleri, howlulary we köpçülikleýin ýerleri yşyklandyryş enjamlary hem-de dünýäniň öňdebaryjy mebel öndürijileriniň mebelleri alyjylara hödürlenýär.

«Ak Taý» şowrumyndan alyjylar diňe bir bar bolan taýýar nusgalyk interýer boýunça zerur zatlary satyn alman, eýsem, öz islegine laýyk gelýän we nazarda tutýan interýer bezegini döretmek üçin hem haryt görnüşleriniň hataryndan göwün halan bezeglerini sargyt edip alyp bilýär. Bu bolsa alyja maddy ýagdaýyna görä laýyk gelýän we isleg bildirýän zatlaryny satyn almaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde hödürlenilýän önüm brendleriniň köp dürli bolmagy we yzygiderli arzanladyşlaryň geçirilmegi alyjynyň orta derejeli harytlary, şonuň bilen birlikde-de ýokary derejeli bezegleri satyn alyp bilýändigini aňladýar.

«Ak Taýyň» hünärmenler topary ussat dizaýnerler we hünär taýdan tejribeli maslahatçylardan ybarat bolup, olar alyjylara dogry saýlaw etmekde we interýere kybap gelýän baglanyşykly harytlary saýlamaga hem-de özbaşdak öý gurşawyny döretmäge kömek edýärler.

«Ak Taý» santehnikalarynyň şowrumynyň salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, «Serdar söwda we Gurluşyk» kärhanasy. Telefon belgisi: (+993 12) 75 40 99.

«Ak Taý» mebelleriň we yşyklandyryş enjamlarynyň şowrumynyň salgysy: Aşgabat ş., Andalyp we G.Kulyýew köçeleriniň çatrygy, «Ussat» söwda merkezi. Telefon belgisi: (+993 12) 75 31 23.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň