Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Akinada saparda bolar

17:0011.10.2022
0
28100
Türkmen wekiliýeti Akinada saparda bolar

Türkmenistanyň we Owganystanyň demirýol ulgamynyň wekilleri onlaýn duşuşyk geçirip, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada 9-njy oktýabrda resmi owgan elektron neşirlerinde habar berildi.

Wideo konferensiýanyň dowamynda taraplar owgan talyplaryny Türkmenistana okuwa ibermek işini çaltlaşdyrmak, 30 kilometrlik Akina-Andhoý demirýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegi we Akinadan Mazari-Şerife çenli demirýol şahasynyň uzaldylmagy bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda bäş günüň dowamynda işleri utgaşdyrmak boýunça iki tarapyň wekillerinden ybarat tehniki topar döretmek barada ylalaşyga gelindi.

Türkmen tarapy Andhoý demirýol menzilinden adybir şäherçäniň merkezine çenli uzalyp gidýän 10 kilometrlik demirýol şahasynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri geçirmek üçin ýakyn wagtda Akina ýörite wekiliýetiň iberiljekdigini habar berdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň demirýol administrasiýasynyň müdiri Molla Baghtur Rahman Şaraf bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda demir ýol pudagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de Türkmenistanda Owganystanyň 28 sany demirýol işgärlerini taýýarlamak, olary okatmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň