Alymlar Amazoniýadaky iň uzyn boýly agajyň golaýyna barmagy başardylar, bu barada AFP habarlar gullugy habar berdi, wakanyň fotosuratlary «Science Alert» neşirinde çap edildi.
Ajaýyp dinisiýa (Dinizia excelsa) tropiki tokaýlarda ösýän agaçdyr. Ol birnäçe metre uzaýan boýy hem-de ýogyn bili bilen bellidir.
2019-njy ýylda uçarda ornaşdyrylan enjam arkaly alymlar onuň üstünden bardylar. Gür jeňňellikleriň arasyndan iki hepdäniň dowamynda ýol geçilenden soňra alymlara oňa ýetmek başartdy. Bu ýoluň 250 kilometri gaýykda, 20 kilometri pyýada geçildi.
Daragt Iratapuru derýasynyň ýakasynda ýerleşýär we onuň boýy 88,5 metre, ini 9,9 metre ýetýär.
Alymlar onuň häzirki güne çenli Amazoniýada ele salnan iň beýik bagdygyny aýdýarlar.
Öň hem bu agaja ýetmek üçin birnäçe gezek synanyşyk edilse-de başa barmandy. Soňky saparlaryň birinde alymlara bu jeňňelliklerde boýy 66 metre ýetýän brazil hoz agajyny (Bertholletia excelsa) hem tapmak başartdy. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.