Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Porsche» Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi

11:0008.10.2022
0
22507
«Porsche»  Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi
Surat: newsachieve.com

Sentýabryň ahyrynda paýnamalary biržada ýerleşdirilip başlanan «Porsche» Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi, bu barada «Reuters» habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Biržada ýerleşdirilenden soňra kompaniýanyň paýnamalary durnukly ösüş görkezip başlady, netijede, düýn — 6-njy oktýabrda kompaniýanyň umumy bahasy 85 milliard ýewro deň boldy. Kotirlenmeden soňra biraz peselendigine garamazdan, «Porsche» 84 mlrd ýewro nyrh bilen häzirki günde Ýewropanyň iň gymmat kompaniýasy bolmagynda galýar. Şeýle-de «Volkswagen» konserni 77,7, «Mercedes-Benz» 57,2, «BMW» 47,5 we «Stellantis» 39,7 milliard ýewro bahalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň