«S7 Airlines» («Sibir» awiakompaniýasy) 17-nji oktýabrdan Russiýadan Türkmenistana howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Telegram-kanalynda habar berdi.
Gatnawlar hepdede bir gezek, diňe duşenbe güni Moskwa ― Türkmenbaşy ― Moskwa aralygynda amala aşyrylar. Uçar Moskwa şäherinden 03:30-da, Türkmenbaşydan 10:05-de uçar.
Petekler awiakompaniýanyň Aşgabatdaky satuw ofisinde satylar. Ofisiň salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 174-nji jaý (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy).
Habarlaşmak üçin: +99312210593; +99312210592.
Ýolagçylary we olaryň el goşlaryny hasaba almak uçuşa 6 sagat galanda başlap, 2 sagat galanda tamamlanýar.
Oktýabr aýynda Belarusyň «Belawia» awiakompaniýasynyň hem Türkmenistana gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýändigini ýatladýarys.