Win Dizel «Awataryň» dowamynda surata düşüp 10 million dollar gazandy

17:3004.10.2022
0
20463
Win Dizel «Awataryň» dowamynda surata düşüp 10 million dollar gazandy
Surat: film.ru

Amerikaly aktýor Win Dizel režissýor Jeýms Kemeronyň «Awatar 2: Suwuň ýoly» filminde surata düşendigi üçin köp möçberde hak aldy diýip, «Koimoi» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Dizel taslamada çykyş edip 10 million amerikan dollary möçberinde hak aldy. Onuň filmde haýsy keşbi döredendigi heniz belli däl. Şeýle haky filmde Jeýk Salliniň keşbini janlandyran Sem Uortington hem aldy, aktýor mundan başga-da filmiň prokatdaky girdejileriniň hem 5 göterimini alar. Beýleki aktýorlar, mysal üçin, Zoýa Saldana— 8 mln, Keýt Uinslet— 6 mln, Sigurni Uiwer— 3,5 mln, Stiwen Leng bolsa 2 mln amerikan dollary hak aldylar.

Filmiň önümçilik býujeti 250 million dollar bahalanýar.

Öň režissýor Kemeron «Awatar 2» filmi üçin bir ýylyň dowamynda ýazan ssenarisinden ýüz öwrendigini gürrüň beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň