Top.Mail.Ru

Aşgabatda «Güýzüň keşbi» atly konsert geçirildi

15:3804.10.2022
0
13626

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Güýzüň keşbi» atly konsert geçirildi. Sahnada aýdymçy-sazandalaryň çykyşy sazlaryň nepis owazy bilen sahnada gaýyp düşýän güýz ýapraklarynyň hereketleri bilen sazlaşyp, aýratyn duýgy döretdi. Konsertde Röwşen Nepesow roýalda Genri Mançininiň «Şa walsyny» çaldy.

Soňra Döwletmämmet Ökdirowyň dirižýorlygynda orkestr argentin tangosyny täze röwüşde döreden Astor Pýassollonyň eserini ýerine ýetirdi.

Konsert Eziz Jumanyýazowyň dirižýorlyk etmegi bilen Antonin Dworžagyň «2-nji slawýan tansy» we Iogann Ştrausyň «Polkasy» bilen dowam etdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa bilen Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň meşhur estrada aýdymlaryny aýtdylar. Diňleýjiler aýratyn-da ýerine ýetirilen Muslim Magomaýewiň «Mawy bakylyk» aýdymyna şowhunly el çarpdylar.

Güýz konserti Röwşen Nepesowyň romantiki üç eseri – «Söýginiň döreýşi», «Tango 13», «Sen hem men» eserleri bilen jemlendi. Eserleri fortepianoda awtoryň özi ýekelikde ýerine ýetirdi.

Röwşen Nepesowyň sazanda, dirižýor we kompozitor hökmünde çykyş eden güýzüň ruhy siňen konserti joşgunly tamamlandy. Diňleýjiler aýdymçylary we orkestriň sazandalaryny bu ajaýyp konsert üçin el çarpyşmalar hem-de gül desseleri bilen mübäreklediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň