Oktýabr aýy özi bilen Kipre görülmedik jokrama yssyny alyp geldi. Geçen dynç günleri howa 40 gradusa çenli gyzdy. Nikosiýanyň ýaşaýjylary demiňi tutup barýan petiş howadan zeýrenýärler. Köpler yssydan kafelerde gününi ötürip halas bolýar, sebäbi elektrigiň bahalary-da gymmatlansoň, günüňi köçede ýa-da garbanyşhanada geçireniň oňat.
Nikosiýalylaryň käbiri eýýän howanyň bu geň-enaýylyklaryna öwrenişendiklerini aýdýarlar.
Ýerli ilat oktýabrda jokrama yssynyň bolmagyny ählumumy maýlama bilen baglaýar. Bu barada «euronews.com» ýazýar.