Şu ýyl Mary welaýatyna Russiýa Federasiýasyndan satyn alnan «Alekseiç» we «Bezostaýa» bugdaý tohumlarynyň 1000 tonnadan gowragy gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Ekerançylar üçin ozaldan tanyş bolan ýokary hasyllylygy, sowuga we guraklyga çydamlylygy, kesellere we ýykylma durnuklylygy bilen tapawutlanýan bu bugdaý tohumlarynyň jemi 6 müň tonnasy gelmeli. Tohumlaryň bu görnüşleri hemme etraplarda, jemi 35 müň 500 gektar meýdana ekiler.
Bugdaý tohumlarynyň şeýle giň möçberde täzelenmegi oňat gögerişiň alynmagyny we hasyllylygyň ýokarlanmagyny kepillendirýär.