Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda Muhtar Auezowyň 125 ýyllygy bellenýär

17:4529.09.2022
0
24273
Gazagystanda Muhtar Auezowyň 125 ýyllygy bellenýär
Surat: el.kz

Almatyda gazak alymy we ýazyjysy, «Abaýyň ýoly» atly roman-epopeýanyň awtory Muhtar Auezowyň 125 ýyllygyny belleýärler. Onuň ady ýurtda institutlara, köçelere hem-de Almatydaky Gazak milli teatryna dakyldy. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Ýazyjynyň öý-muzeýi-de hemişe adamly, bu ýere mekdep okuwçylarydyr talyplar, diplomatlar kän gelýärler. Öý-muzeýiň içi edil 60 ýyl mundan öňki ýagdaýyndan birjigem üýtgemändir. Bu ýerde gazak ýazyjysy Auezow işläpdir. «Muzeýe gelýänler hamana ýazyjy bir ýerä iş bilen wagtlaýyn çykana meňzeş duýgy döredýär, bu ýerde onuň ýaşan döwründäki ýaly ruhy howa saklanypdyr diýip gürrüň berýärler» diýip, M.Auezow adyndaky Edebiýat we sungat institutynyň Halkara gatnaşyklar we dünýä edebiýaty bölüminiň müdiri Swetlana Ananýewa aýdýar.

Ýazyjy Leningrad uniwersitetiniň filologiýa bölüminde okady, ol rus dilini içgin bilýärdi. Bu bolsa ýazyja terjime işinde ýardam etdi. Ol Ýewropanyň nusgawy ýazyjylarynyň eserlerini gazak halkyna ýetirdi. Bu barada ýazyjynyň ýaş toýuna bagyşlanan konferensiýada çykyş edenler nygtadylar.

Auezowyň adyny göterýän teatrda bolsa, onuň eserleri boýunça sahnalaşdyrylan oýunlar ýarym asyrdanam köp wagt bäri tomaşaçylara görkezilip gelýär. Ýaş režissýor Aridaş Ospanbaýew hem bu ýörelgä eýerdi: «Abaýyň ýoly» atly roman bilen söz ussadynyň öz şahsyýetini bir ýere jemläp, «Abaýyň syry» diýen sahna oýnuny goýdy.

Teatrda ýazyjynyň ýubileýine gabatlap, ozan-bagşa aşyk bolan gyzyň betbagt ykbaly barada gürrüň berýän «Garagöz» atly sahna oýnuny goýmak isleýärler, bu oýun bilen hem teatr täze möwsümi açar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň