Top.Mail.Ru

«Hermitage Home Interiors» kompaniýasy Germaniýanyň ýokary hilli howurpeçlerini hödürleýär

10:0324.09.2022
0
18192

Käbir adamlar üçin nahar taýýarlamak sungat derejesinde hasap edilýär, başga birleri üçin bolsa ol adaty gündelik dowam edip duran endikdir. Bu işe nähili garaýandygyň parhy ýok, esasy zat oňaýly aşhanaň, esasanam, onda ýokary hilli göwnejaý enjamlaryň bolmagy.

Türkmenistanda özboluşly dizaýn-taslamalary işläp taýýarlamakda baý tejribesi bolan «Hermitage Home Interiors» kompaniýasy Germaniýanyň «Küppersbusch» haryt nyşanly gurnalýan ýokary hilli aşhana tehnikalaryny alyjylara ýetirýär.

Aýratyn-da, «Küppersbusch» kompaniýasynyň howurpeçlerine uly isleg bildirilýär. Bu enjamyň intuitiw hem-de düşnükli dolandyryş ulgamynyň we köpugurly wezipeleriniň bolmagy taýýarlanylýan naharyň tagamly bolmagyna ýardam edýär.

«Küppersbusch» howurpeji köpugurly häsiýete eýedir. Ony peç hökmünde hamyrdan çörek, köke, pirog ýaly dürli tagamlary taýýarlamak üçin ulanyp bolýar. Enjamda saýlap alýan usullaryňyza görä, tagamlary germewde, bişiriş formalarynda we beýleki usullarda taýýarlap bilersiňiz.

Surat: kueppersbusch-home.com

Howurpejiň awtomatik programmalar bilen üpjün edilmegi wagty tygşytlaýar, onda diňe gerekli önümleriňizi ýerleşdirip, özüňize gerek tagam taýýarlama görnüşini saýlamak ýeterlikdir. Şu hili howurpeçleriň käbir kysymlary öz-özüni arassalamak funksiýasy bilen hem üpjün edilendir.

Ýene bir bellemeli zat, alyjy enjamyň reňkini öz islegine görä, öý interýeri bilen sazlaşykly utgaşar ýaly dürli reňkdäki enjamy saýlap alyp biler.

Howurpeçlerden başga-da, «Hermitage Home Interiors» kompaniýasy türkmenistanlylar üçin «Küppersbusch» kompaniýasynyň sowadyjylar, mikrotolkun peçler, tüsseçykarlar, gap-gaç hem-de kir ýuwujy maşynlar ýaly dürli hili tehnikalaryny hödürleýär.

Bu babatda «Hermitage Home Interiors» kompaniýasynyň hünärmenleri dükanyň köp sanly harytlarynyň içinden her bir adamyň öz göwnünden turjak aşhana tehnikasyny tapjakdygyny belleýärler.

Habarlaşmak üçin:

  • Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Mollanepes köçesi, 27-nji jaý («Dürdäneli» söwda merkezi);
  • Telefon belgileri: (+993 12) 41 59 02, (+993 65) 56 41 59;
  • Elektron poçta salgysy: info@hermitage.tm;
  • Resmi web saýty: www.hermitage.tm.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň