Soňky habarlar

Arhiw

Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary

20:5619.09.2022
0
11846

Ýewropanyň top-5 çempionatlarynda uik-end wakalara örän baý boldy. Italiýada «Ýuwentusyň» we «Interiň» garaşylmadyk ýeňlişleri, Germaniýada «Bawariýanyň» nobatdaky şowsuzlygy, Angliýada bolsa «Lesteriň» masgaraçylykly hasapda derbi-dagyn bolmagy, bu sanawy näçe dowam etdirseň etdiribermeli. «Turkmenportal» hepde ahyrynda Ýewropa futbolunda ýüze çykan iň esasy wakalary bir ýere jemledi.

A seriýa

Italiýada ilkinji gezek elitada çykyş edýän «Monsa» öz öýünde «Ýuwentusy» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Birwagtlar «Milany» gülleden Berluskoniniň eýeçiligindäki «Monsa» Gýutkýeriň 74-nji minutdaky goly bilen turinlilerden minimal hasapda üstün çykdy. Oýnuň netijesine myhmanlaryň esasy oýunçylarynyň biri Di Mariýanyň 40-njy minutda emin tarapyndan meýdançadan kowulmagynyň hem täsir etdi. Öz gezeginde bu oýnuň «Ýuwentus» üçin ýeňişsiz seriýadaky bäşinji duşuşyk bolandygyny bellemek gerek. Massimilýano Allegriniň şägirtleri soňky 5 oýnuň ikisinde deň oýnap, üçüsinde ýeňildiler. Möwsümde häzire çenli 9 oýun geçiren «Ýuwentus» şolardan bary-ýogy ikisinde ýeňiş gazanyp bildi. Bu bolsa Allegriniň baş tälimçilik kürsüsiniň yrgyldap ugrandygyny aňladýar.

A seriýada 7-nji tapgyryň ýene bir sensasiýasy «Udineze» tarapyndan amala aşyryldy. Tapgyrda öz öýünde «Interi» kabul eden «Udineze» oýnuň soňky on minutlygynda urlan iki gol bilen ýeňşi öz tarapyna agdyrdy. Oýunda hasap «Interiň» oýunçysy Barella tarapyndan 5-nji minutda açylan hem bolsa, aradan uzak wagt geçmänkä, has takygy, 22-nji minutda «Interiň» oýunçysy Şkrinýaryň awtogoly bilen hasap deňleşdi. Oýnuň 84-nji minutynda Biýol, 90+3-nji minutynda bolsa Tolgaý Arslan tarapyndan urlan gollar «Udinezeniň» 3:1 hasabyndaky ýeňşini kepillendirdi.

Italiýada uik-endiň merkezi oýnunda «Milan» «San-Siroda» «Napolini» myhman aldy. Oýun babatda ýer eýeleriniň rüstem gelen duşuşygy hasap babatda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Gollaryň ählisi ikinji ýarymda hasaba alnyp, Politano 55-nji minutda myhmanlary öňe saýlady, Žiru 69-njy minutda hasaby deňledi. Gapma-garşylygyň ykbalyny çözen gol bolsa 78-nji minutda Simýone tarapyndan derwezä ýollandy. Şeýlelikde «Milanyň» içerki çempionatdaky 22 oýunlyk ýeňlişsiz seriýasyna «Napoli» tarapyndan nokat goýuldy.

7-nji tapgyryň ýene bir üns çekiji oýnunda «Roma» «Atalantadan» öz öýünde 0:1 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykdaky ýeke-täk gol 35-nji minutda Skalwininiň adyna ýazyldy. Şunlukda «Atalanta» «Napoli» bilen birlikde A seriýanyň bu möwsümindäki ýeňlişsiz ýörüşini (iki toparda hem 5 ýeňiş, 2 deňlik bar) dowam edýär. Italýan furbolunyň muşdaklary üçin ýene bir gyzykly fakt soňky 63 ýylyň içinde ilkinji gezek «Ýuwentus», «Milan», «Inter» we «Roma» toparlarynyň ählisi bir tapgyrda ýeňlişe sezewar boldular.

La Liga

Ispaniýada hepde ahyryndaky esasy oýun «Atletiko» — «Real» duşuşygy boldy. Bu oýun häzirki wagtda şemaly belentden öwüsýän «Realyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Realyň» gollaryny Rodrigo (18) we Walwerde (35), «Atletikonyň» goluny bolsa Ermoso (83) derwezä ýollady. Bu ýeňşiň «Real» üçin 9-njy oýundaky 9-njy üstünlikdigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle-de La Liganyň nobatdaky tapgyrynda «Barselona» «Elçeni» 3:0 hasabynda (Gollar: Lewandowski 34, 48, Depaý 41) ýeňmegi başardy. «Wilýarreal» — «Sewilýa» oýnunda bolsa 1:1 hasabyndaky deňlik (Gollar: Baena 51 — Torres 8) hasaba alyndy.

APL

Angliýanyň premýer-ligasynda tapgyryň sensasiýasy, şübhesiz, «Tottenhem» — «Lester» oýny boldy. Bu duşuşykda ozaldan «Tottenhemiň» ýeňşi çaklanan hem bolsa, «Lester» garaşylan ýeňlişine garaşylmadyk hasapda sezewar boldy. Oýnuň birinji ýarymy deňeçer göreşiň astynda geçip, «Lesterden» Tilemansyň (6) we Medisonyň (41), «Tottenhemden» Keýniň (8) we Daýeriň (21) gollary arkaly toparlar arakesmä deňlikde çykdylar. Emma ikinji ýarym düýbünden başga hörpde geçip, Bentankuryň goly (47) bilen başlanan bölümde ýer eýelerinden Son Hýong Min het-trik (73, 84, 86) etmegi başardy. Şeýlelikde gutarnykly hasap «Tottenhemiň» haýryna 6:2 görnüşe geldi. 7 tapgyryň dowamynda öz derwezesinden 22 gezek top alyp çykan «Lester» bolsa bu ugurda ýaryşyň antirekordyny täzeledi. Premýer-ligada soňky alty oýnuň ählisini ýeňliş bilen tamamlan topar milli ýygyndylar üçin dörän arakesmede uly ähtimallyk bilen Brendon Rožersiň ýerine başga hünärmen getirse gerek. Mundan başga-da, tapgyrda garaşylşy ýaly, «Mançester Siti» «Wulwerhemptony» myhmançylykda 3:0 hasabynda (Gollar: Griliş 1, Holand 16, Foden 69), «Arsenal» «Brentfordy» myhmançylykda 3:0 hasabynda (Gollar: Saliba 17, Žezus 28, Wieýra 49) ýeňmegi başardy.

Bundesliga

Bundesligada tapgyryň esasy gahrymany «Augsburg» boldy. Topar öz meýdançasynda «Bawariýany» kabul edip, Berişanyň 59-njy minutdaky goly bilen minimal hasapda ýeňiş gazandy. Şeýle-de tapgyrda Mýunhengladbahyň «Borussiýasy» öz meýdanynda «Leýpzigi» 3:0, Dortmundyň «Borussiýasy» öz öýünde «Şalkeni» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bundesliganyň bu möwsüminde ýeňilmedik ýeke-täk topar, turnir tablisasynyň kerwenbaşysy «Union Berlin» hem öz öýünde «Wolfsburgdan» 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Liga 1

Fransiýanyň ýokary çempionatynda nobatdaky tapgyr rekordlar we antirekordlar bilen ýatda galdy. Tapgyryň esasy oýnunda «PSŽ» myhmançylykda «Liony» Messiniň 5-nji minutdaky goly bilen 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda Messi özüniň arassa gollarynyň sanyny (penaltileri hasaba almanyňda) 672-ä ýetirip, bu ugurda Ronalduny we Peleni yzda galdyryp, täze rekord goýdy. Şeýle-de «Nissanyň» «Anžeden» 1:0 hasabynda ýeňlen oýnunda 9-njy sekuntda gyzyl kart gören Žan-Kler Todibo ýaryşyň bu babatdaky antirekordyny täzeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň