Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-e çykyp bilmedi

23:5618.09.2022
0
14471

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky üçünji duşuşygynda Siriýanyň ýygyndysyndan utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykmak mümkinçiligini doly ýitirdi.

Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen duşuşyk Siriýanyň ýygyndysynyň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ugurdaş duşuşykda Iordaniýanyň we Taýwanyň ýygyndylary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy toparçada 3 utuk toplap, dördünji orny eýeledi. Duşuşyklarda Iordaniýanyň ýygyndysy 10, Siriýa 9, Taýwan bolsa 7 utuk toplady.

Ýaryşyň final tapgyryna ähli toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelän ýygyndylaryň arasyndan iň gowy bäşisi gatnaşar.

Aziýanyň kubogy ― 2023-iň geljek ýylyň 1 ― 18-nji marty aralygynda Özbegistanda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň