Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny goldady

20:3016.09.2022
0
18037

HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny goldaýar. Bu barada Hytaýyň Lideri ŞHG-niň Samarkantda geçirilen sammitiniň çäklerinde türkmen kärdeşi bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda aýtdy. Bu duşuşyk Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň mart aýynda döwlet Baştutany wezipesine girişenden soňra, iki dostlukly döwletiň Liderleriniň ilkinji duşuşygy boldy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, dostlukly döwletiň Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak boýunça türkmen tarapynyň tekliplerini doly goldady.

Gepleşikleriň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow gaz ulgamynyň ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek maksady bilen, gaz hyzmatdaşlygy boýunça döredilen bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Şu ýylyň aprel aýynda Pekinde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň şol wagtky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý tarapyna gaz geçirijiniň dördünji şahasy arkaly beriljek tebigy gazyň bahasy barada gepleşiklere başlamagy teklip etdi. Şeýle-de ikitaraplaýyn ylalaşyk gazanylandan soň, Türkmenistanyň Hytaý kompaniýasynyň «Galkynyş» ýatagynyň ikinji tapgyryny özleşdirmäge gatnaşmagyny göz öňünde tutmaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugurlary boýunça hereket edýän üç sany ugurdaş şahany (A, B we C) öz içine alýar. 2021-nji ýylda Hytaýa, takmynan, 34 milliard kub metr türkmen gazy iberildi.

Öň baglaşylan şertnamalara görä, gaz geçirijiniň dördünji şahasy işe girizilenden soňra, Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberi ýylda 65 milliard kub metre çenli artdyrylar.

Gaz geçirijiniň 4-nji şahasy Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäginden geçer. Ol Hytaýyň Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň günorta we merkezi bölegini gaz bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň uzynlygy, takmynan, 1000 kilometr bolar. Onuň kuwwaty bolsa ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy ibermäge mümkinçilik berer. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 6,7 milliard dollaryna barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň