Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ançelotti UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 100-nji ýeňşini gazandy

16:2516.09.2022
0
16966

Madridiň «Realynyň» italiýaly baş tälimçisi Karlo Ançelotti Çempionlar ligasynda 100 ýeňiş gazanan tälimçileriň hataryna girdi. Ýakyn geljekde ol «Mançester Ýunaýtediň» ozalky baş tälimçisi Aleks Fergýussonyň 102 ýeňişlik rekordyny hem täzeläp biler.

2-nji tapgyrda «Realyň» öz meýdanynda «RB Leýpsigi» 2:0 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys. Madrid şäherine wekilçilik edýän toparyň gollaryny Federiko Walwerde bilen Marko Asensio geçirdi.

Karlo Ançelotti «Realdan» başga-da, dürli ýyllarda Londonyň «Çelsi», Mýunheniň «Bawariýa», Italiýanyň «Milan» we «Napoli» hem-de Angliýanyň «Ewerton» toparlaryna tälim berdi. Ol «Realyň» we «Milanyň» başynda Ýewropanyň iň ýokary derejeli kubogyna iki gezekden mynasyp bolup gördi. Ançelottiniň şahsy üstünlikleriniň gaznasyny Ispaniýanyň kubogy, naýbaşy kubogy we çempionlygy hem bezeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň