Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň golaýda «Ylym» neşirýatynda çapdan çykan kitaby «Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti» diýlip atlandyrylýar. Kitapda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň dürli ugurlary barada täsirli gürrüň berilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Gürrüňi edilýän temasyna beletligi, uzak ýyllar metbugatda işländigi hem-de häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyp ýaşlara žurnalistikadan sapak berýändigi bilen baglylykda, awtor öz köpýyllyk žurnalistik iş tejribesine daýanyp, kitabynda žurnalistiň döredijiliginiň usulyýetiniň inçeliklerini giňden açyp görkezipdir.
Kitaby okanyňda, žurnalistika degişli has gyzykly maglumatlar bilen tanyşýarsyň. «Žanr we usulyýet gatnaşyklarynyň özara baglanyşygy», «Habar çeşmeleri we olar bilen işlemegiň usullary», «Maglumat almagyň usullary. Synlamak», «Seljerme usuly», «Okyjylaryň hormatyny gazanmagyň ýollary», «Žurnalistik eseriň dörediliş usuly» ýaly bölümler bilen tanşaňda, bu asylly hem jogapkärli işiň syrly dünýäsine aralaşanyňy duýman galýarsyň. Kitapdaky «Okyjylaryň hormatyny gazanmagyň ýollary» diýen bölümde žurnalistiň adamlara söýgi bilen garamaklygy, alçaklyk we aragatnaşyk saklamak ukyby, öz pikirlerini dilden we ýazmaça beýan edip bilmek başarnygy, sowatlylyk barada söz açylýar.
Kitapda häzirki zaman habar tilsimatlaryndan söz açylmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. «Žurnalistiň işi, ozaly bilen, habar bilen baglanyşykly bolansoň, ol gyzykly habar tapmalydyr, ony saklamalydyr we gaýtadan işläp, okyjylar köpçüligine ýetirmelidir. Bu babatda häzirki zaman habar tilsimatlaryna esaslanýan şahsy kompýuterlere uly orun degişlidir. Internet hemmelere elýeter älem habar ulgamyna öwrüldi we ol elektron habar beriş serişdeleriniň hatarynda orun aldy» diýlip bellenilmegi aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr.
Ýeri gelende aýtsak, «Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti» atly kitaby Agamyrat Mämmedowyň bu ugurdaky ikinji kitabydyr. Mundan öň awtoryň «Žurnalistiň döredijilik işiniň esaslary» atly kitaby hem çapdan çykypdy. «Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti» atly kitapda žurnalistiň döredijilik usulyýetine degişli dürli sowallara jogap tapmak mümkin. Şonuň üçin ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplaryna, bu ugurdan ders berýän mugallymlara niýetlenen kitabyň ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän žurnalistler üçin hem peýdaly gollanma boljakdygy bellenmäge mynasypdyr.
Halypa žurnalistler hakda gürrüň berilmegi, olaryň žurnalistika barada aýdanlaryndan mysallaryň getirilmegi kitabyň mazmunyny has-da baýlaşdyrypdyr.