Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sport syny: ÝÇL ikinji tapgyr: «Ýuwentusda» ýeňliş, «Çelside» deňlik, «Barselonada» bolsa...

22:2115.09.2022
0
16874

Hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň oýunlary geçirildi. Tapgyr janköýerleriň üns merkezinde bolan birnäçe superklublaryň gapma-garşylygy, käbir läheňleriň garaşylmadyk şowsuzlyklary bilen ýatda galdy.

Tapgyryň merkezi oýny

Şübhesiz, tapgyryň iň esasy oýny «Allianz Arenadaky» «Bawariýa» — «Barselona» duşuşygy boldy. Lewandowskiniň kömegi bilen şol bir wagtky 8:2-niň hasabyndaky ýeňlişiň ahmyryny almak niýetinde «Bawariýanyň» meýdanyna sapar eden kataloniýalylar ýene-de ýeňliş bilen yza dolanmaga mejbur boldular. Oýunda topy saklamak we hüjüm etmek babatda üstünligiň belli bir derejede myhmanlaryň tarapynda bolandygyna garamazdan, mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanan ýer eýeleri 2:0 hasabynda ýeňişlerini baýram etdiler. Oýundaky gollaryň birinjisini 50-nji minutda Lýuis Ernandez, ikinjisini bolsa 54-nji minutda Leroý Sane derwezä ýollady. Şeýlelikde «Barselonanyň» «Bawariýa» garşy oýunlardaky şowsuzlygy ýene bir oýunlyk uzaldy.

Tapgyryň ýene bir esasy oýnunda mundan ozal bundesligada Lewandowskiniň bäsdeşi bolan Erling Holand özüniň öňki topary Dortmundyň «Borussiýasyna» garşy meýdança çykdy. Tapawutly tarapy, Holandyň häzirki topary «Mançester Siti» öz öýünde oýnap, ýeňiş gazanmagy başardy. Duşuşykda, ilki bilen, Jud Bellingemiň 56-njy minutdaky goly arkaly myhmanlar öňe saýlandylar. Emma 80-nji minutda Jon Stounz hasaby deňlän bolsa, 84-nji minutda Erling Holandyň öňki toparynyň derwezesine ýollan topy «Sitiniň» ýeňiş gazanmagyna getirdi. Şeýle-de bu duşuşygyň Gwardiolanyň baş tälimçi hökmünde ÝÇL-däki 150-nji oýny bolandygyny bellemek gerek.

Tapgyryň sensasiýalary

Tapgyryň sensasiýalarynyň ilkinjisi «Sporting» — «Tottenhem» oýnunda ýüze çykdy. Myhman toparyň rüstem oýnan gapma-garşylygy 90-njy minutdan soňra Fernandeşiň we Lorensonyň uran gollary sebäpli ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Şol gün Germaniýada «Baýeriň» myhmany bolan «Atletiko» hem öýüne edil şol hasapdaky ýeňliş bilen dolanmaga mejbur boldy. 84-nji minutda Andrihiň, 87-nji minutda bolsa Diabiniň uly sahna çykmagy Serdar Azmunyň toparyna ÝÇL-iň şu möwsümindäki ilkinji ýeňşi sowgat etdi. Çarşenbe agşamynyň iň uly sensasiýasy bolsa, şübhesiz, Turinde hasaba alyndy. Ikinji aýlawda «Benfikany» myhman alan «Ýuwentus» garaşylmadyk ýagdaýda ýeňlişe sezewar boldy. Duşuşykda hasap 4-nji minutda ýer eýeleri tarapyndan açyldy. Arkadiuş Milik oýnuň başynda toparyny öňe çykardy. «Benfika» bu gola Žoau Mariunyň 43-nji minutda dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen jogap gaýtardy. 55-nji minutda myhmanlaryň hüjümçisi Dawid Neresiň «Ýuwentusyň» derwezesiniň torunda gaýmaladan topy duşuşygyň myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlanmagyna getirdi. Şunlukda «Ýuwentus» öz taryhynda ilkinji gezek ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyry bassyr iki ýeňliş bilen başlady. Şol gün öz öýünde «Zalsburgy» kabul eden «Çelsi» täze tälimçisiniň golastynda hem ýeňiş gazanyp bilmedi. 1:1 hasabynda tamamlanan oýunda hasap 48-nji minutda Rahim Sterling tarapyndan açylyp, myhmanlar bu gola 75-nji minutda Okaforyň dürs urgusy bilen jogap gaýtardylar. Şeýlelikde iki tapgyrdan soňra bary-ýogy bir utuk toplan «Çelsi» «E» kwartetinde iň soňky orunda galmagyny dowam edýär.

Tapgyryň käbir wakalary

«Realyň» öz öýünde «Leýpsigi» 2:0 hasabynda ýeňmegi bilen toparyň halypasy Karlo Ançelotti ÝÇL-däki ýeňişleriniň sanyny 100-e ýetirdi.

Myhmançylykda Haýfanyň «Makkabisini» 1:3 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «PSŽ»-niň düzüminde bir gola awtorlyk eden Lionell Messi birbada iki ugurda ýaryşyň rekordyny täzeledi. Olaryň birinjisi argentinaly superýyldyz ýaryşyň bassyr 18-nji möwsüminde ýaryşyň gol uran ilkinji oýunçy boldy. Ikinjisi bolsa «Makkabi» Messiniň bu ýaryşdaky gol uran 39-njy topary boldy. Ol bu ugurda 38 toparyň derwezesini dürs nyşana alan Ronaldudan öňe geçdi.

Myhmançylykda «Portuny» 0:4 hasabynda ýeňen «Brýuggeniň» hüjümçisi Antonio Nusa ÝÇL-de debýut oýnunda gol uran iň ýaş oýunçy hökmünde taryha girdi.

Tapgyryň netijeleri we toparçalardaky ýagdaýlar:

«A» toparça

«Reýnjers» — «Napoli» 0:3

«Liwerpul» — «Aýaks» 2:1

  1. «Napoli» — 6
  2. «Liwerpul» — 3
  3. «Aýaks» — 3
  4. «Reýnjers» — 0

«B» toparça

«Baýer» — «Atletiko» 2:0

«Portu» — «Brýugge» 0:4

  1. «Brýugge» — 6
  2. «Baýer» — 3
  3. «Atletiko» — 3
  4. «Portu» — 0

«C» toparça

«Wiktoriýa» — «Inter» 0:2

«Bawariýa» — «Barselona» 2:0

  1. «Bawariýa» — 6
  2. «Barselona» — 3
  3. «Inter» — 3
  4. «Wiktoriýa» — 0

«D» toparça

«Sporting» — «Tottenhem» 2:0

«Marsel» — «Aýntraht» 0:1

  1. «Sporting» — 6
  2. «Tottenhem» — 3
  3. «Aýntraht» — 3
  4. «Marsel» — 0

«E» toparça

«Milan» — «Dinamo» (Zagreb) 3:1

«Çelsi» — «Zalsburg» 1:1

  1. «Milan» — 4
  2. «Dinamo» (Zagreb) — 3
  3. «Zalsburg» — 2
  4. «Çelsi» — 1

«F» toparça

«Şahtýor» — «Seltik» 1:1

«Real» — «Leýpzig» 2:0

  1. «Real» — 6
  2. «Şahtýor» — 4
  3. «Seltik» — 1
  4. «Leýpzig» — 0

«G» toparça

«Kopengagen» — «Sewilýa» 0:0

«Mançester Siti» — «Borussiýa» (Dortmund) 2:1

  1. «Mançester Siti» — 6
  2. «Borussiýa» (Dortmund) — 3
  3. «Kopengagen» — 1
  4. «Sewilýa» — 1

«H» toparça

«Ýuwentus» — «Benfika» 1:2

«Makkabi» (Haýfa) — «PSŽ» 1:3

  1. «PSŽ» — 6
  2. «Benfika» — 6
  3. «Ýuwentus» — 0
  4. «Makkabi» (Haýfa) — 0
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň