Turkmenportal logo
14.09.22
1956019560
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Abu-Dabide Türkmenistan ― BAE bilelikdäki toparynyň mejlisi geçiriler
Abu-Dabide Türkmenistan ― BAE bilelikdäki toparynyň mejlisi geçiriler

Şu ýyl Abu-Dabi şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Türkmenistan ― BAE toparynyň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.


Bu baradaky başlangyç Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň kärdeşi Halifa Şahin Al Marar bilen şu aýyň başynda geçiren gepleşiklerine degişlidir.


Toparyň mejlisini geçirmek meselesine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň BAE saparynyň dowamynda hem garaldy.


Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu toparyň düzümini täzeländigini ýatladýarys.