Turkmenportal logo
10.09.22
2302323023
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň kubogy ― 2022: Kerim Hojaberdiýew 8 möwsümlik sanawyň başyna geçdi

«Şagadamyň» futbolçysy Kerim Hojaberdiýew Türkmenistanyň kubogynda 2015-nji ýyldan bäri geçiren pökgüleriniň sanyny 9-a çykardy.


Şeýlelikde, ol bu netije bilen ýaryşda şol ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň 112 adamlyk sanawynyň başyna geçdi. Ýöne ol häzir birinji orny «Altyn asyryň» hüjümçisi Myrat Ýagşyýew bilen paýlaşýar.


Sanawda ikinji orunda bu ýaryşda 8 gezek tapawutlanan Süleýman Muhadow bar. Üçünji orny bolsa her haýsy 7 goldan geçiren Altymyrat Annadurdyýew, Mihail Titow we Didar Durdyýew dagylar eýeleýär.


Kerim Hojaberdiýew Türkmenistanyň kubogynda 2015-nji ýyldan bäri «Energetigiň», «Köpetdagyň» we «Şagadamyň» düzüminde tapawutlandy.