Edebiýat boýunça halkara «Buker» baýragynyň dalaşgärleriniň deslapky sanawy baýragyň resmi saýtynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» habar berýär.
Sanawa dünýäniň bäş ýurdundan dalaşgärleriniň altysynyň kitaby girizildi. Olaryň hatarynda Kler Kiganyň bary-ýogy 116 sahypadan ybarat bolan «Small things like these» atly kitaby hem bar, ol eminler toparynyň saýlan iň gysga göwrümli çeper eseridir.
Sanawda şeýle-de Nowaýolet Bulawaýonyň «Glory», Alan Garneriň «Treacle Walker», Persiwalýa Ewerettanyň «The trees», Şehan Karunatilakiniň «The seven moons of Maali Almeida» we Elizawet Strautyň «Oh William!» atly kitaplary bar.