Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-de geçiren ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

15:0406.09.2022
0
19054

2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) ýerli “Fursah Hispania FC” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Said Seýidowyň tälim berýänleri geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda 4:3 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ýaşlar ýygyndymyza ýeňiş getiren toplary Süleýman Mirzoýew, Daýanç Meredow, Galabeg Jumamyradow hem-de Söhbet Durdyýew öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýaşlar ýygyndymyz okuw-türgenleşiginiň dowamynda 7-nji sentýabrda ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Geçirilen bije çekişlikde “D” toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary bolar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary şu ýylyň 10-18-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

2023-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň 10-synyň ýeňijileri bilen birlikde ikinji orny eýelänleriň 5-si çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy ýaryşa ýer eýesi hökmünde gatnaşar.

Ýoldaşlyk duşuşygy, BAE

Turkmenistan (U20) – “Al Fursan Hispania” (BAE) – 4:3
Gollar: 2 Süleýman Mirzoýew, 7 Daýanç Meredow, 79 Galabeg Jumamyradow, 87 Söhbet Durdyýew – 10, 68, 77 Al Fursan

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň