Turkmenportal logo
06.09.22
76427642
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Çelsi» Ris Jeýmsiň şertnamasyny uzaltdy

«Çelsi» kluby goragçysy Ris Jeýms bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy.


Klubyň resmi saýty 22 ýaşly futbolçynyň şertnamasynyň 2027-nji ýyla çenli uzaldylandygyny habar berdi.


Öňräk angliýaly goragçynyň «Çelsiniň» taryhynda iň köp hak tölenýän futbolçy bolmak ähtimallygynyň bardygy barada aýdylypdy.


Jeýms APL-niň şu möwsüminde «Çelsiniň» düzüminde 5 duşuşyga gatnaşyp, olarda bir gezek tapawutlandy we bir goluň assistini berdi.