Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gazagystanda geçiriljek halkara sammitlere gatnaşar

10:5406.09.2022
0
5888

Türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek halkara çärelerine, ýagny Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň (CICA) we GDA we MA-RF sammitlerine gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistan bilen Gazagystanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň arasynda Nur-Sultan şäherinde geçirilen gepleşiklerde aýdyldy.

Berdinyýaz Mätiýew we Ýermuhambet Konuspaýewyň arasyndaky gepleşiklerde taraplar bu sammitlere taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berdiler ― diýip, gazak metbugaty ýazýar.

Şeýle hem taraplar ýurtlaryň syýasat, ykdysadyýet, söwda, diplomatiýa we medeni-gumanitar ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Wise-ministrler BMG-nyň, GDA-nyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk gyramasynyň, Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäginde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejelerde özara saparlaryň orny bellendi. Şeýle hem, 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek we syýasy geňeşmeleri guramak barada söhbet edildi.

Taraplar Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine hem aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, diplomatlar ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmek, lukmançylyk we saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň