Soňky habarlar

Arhiw

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça

15:4104.09.2022
0
10662

Düýn Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda birnäçe üns çekiji oýunlar geçirildi. Olaryň käbiri iki güýçli toparyň gapma-garşylygy hökmünde ünsi çeken bolsa, käbirleri çempionlyga dalaş edýän toparlaryň utuk ýitirmegi bilen ýatda galdy. Şenbe agşamynyň esasy oýunlary barada gysgaça:

Angliýanyň premýer-ligasy

Angliýanyň premýer-ligasynyň 6-njy tapgyryndan orun alan Liwerpul derbisinde Ýurgen Kloppdan tälim alýan «Liwerpul» bu ýylky möwsümde nobatdaky gezek utuk ýitirdi. Has takygy, «Ewerton» — «Liwerpul» oýny 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy. Tapgyryň çäklerinde London derbileriniň hem ikisi geçirilip, olaryň ikisinde-de garaşylan taraplar ýeňiş gazandy. «Tottenhem» öz öýünde «Fulhemi» 2:1 hasabynda (Hýoýberg 40, Keýn 75 – Mitrowiç 83) ýeňen bolsa, «Çelsi» öz öýünde edil şol hasap bilen şäherdeşi «West Hemi» ýeňlişe sezewar etdi. Oýundaky gollary ýer eýelerinden 76-njy minutda Çilwell, 88-nji minutda Hawers derwezä ýollady. «West Hemiň» goluna 62-nji minutda Maýkl Antonio awtorlyk etdi. 6-njy tapgyryň iň esasy sensasiýasy hökmünde «Mançester Sitiniň» myhmançylykda «Aston Willa» bilen oýunda utuk ýitirmegini görkezmek bolar. 1:1 hasabynda tamamlanan şol duşuşykda Erling Holand 50-nji minutda toparyny öňe çykardy, ýöne muňa garamazdan Leon Beýliniň 74-nji minutdaky dürs urgusy bilen hasaby deňlän ýer eýeleri çempionlyga esasy dalaşgär bolan topardan utuk alyp galmagy başardylar. Ýeri gelende, düýnki netijeli hereketi bilen 6 tapgyrdan soň hasabyndaky gollary 10-a ýetiren Erling Holandyň APL-da 10 golluk sepgide iň tiz ýeten oýunçy hökmünde taryha girendigini nygtamak gerek. Şeýle-de düýn 6-njy tapgyryň çäklerinde «Brentford» öz öýünde «Lidsi» 5:2, «Wulwerhepton» öz öýünde «Sauntgemptony» 1:0, «Bornmut» myhmançylykda «Nottingem Foresti» 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Nýukasl» — «Krystal Pelas» oýny bolsa golsuz deňlikde tamamlandy.

Italiýanyň A seriýasy

Italiýada hepdäniň merkezi oýny sözüň doly manysynda Milan derbisi boldy. Bu oýunda «Milan» öz öýünde «Interi» kabul edip, 3:2 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Rafael Leaonyň benifisine öwrülen şol oýunda ýer eýelerinden Leao 28-nji we 60-njy minutlarda garşydaşyň derwezesini dürs nyşana aldy, 54-nji minutda Žirunyň tapawutlanmagy üçin golly pas berdi. Myhmanlaryň düzüminde 21-nji minutda Brozowiç 21-nji minutda, Jeko 67-nji minutda tapawutlanmagy başardy. A seriýanyň 5-nji tapgyrynyň ýene bir esasy oýnunda «Napoli» myhmançylykda «Lasiony» 2:1 hasabyn ýeňmegi başardy. Duşuşykda ýer eýeleri Zakkaniniň 4-nji minutdaky goly bilen öňe saýlanan bolsalarda, Kim Min Jeniň 38-nji, Kwarasheliýanyň 61-nji minutdaky netijeli hereketleri myhmanlara ýeňiş getirdi. Mundan başga-da düýn «Ýuwentusyň» 5-nji tapgyryň oýnunda «Fiorentinanyň» myhmany bolup, utuk ýitirendigini bellemek gerek. Oýun 1:1 hasabynda tamamlanyp, myhmanlardan Milik, ýer eýelerinden Kuame öz adyna gol ýazdyrdy.

Germaniýanyň Bundesligasy

Bundesliganyň 5-nji tapgyryndan orun alan merkezi oýun «Union Berlin» — «Bawariýa» gapma-garşylygy boldy. Oýunda ýer eýeleri 12-nji minutda Bekkeriň goly bilen öňe saýlandylar, ýöne myhmanlar bu gola dessine Kimmihiň dürs urgusy bilen 15-nji minutda jogap gaýtarmagy başardylar. Duşuşykda şol hasap eminiň soňky jürlewügine çenli üýtgewsiz galdy we oýun 1:1 hasabynda tamamlandy. Bundesliganyň 5-nji tapgyrynyň çäklerinde «Borussiýa» (Dortmund) öz öýünde «Hoffenhaýmy» 1:0, «Fraýburg» myhmançylykda Serdar Azmunyň çykyş edýän «Baýerini» 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Hut şol ýeňiş gazanan iki topar Bundesliganyň turnir tablisasynda 12 utuk bilen liderlik edýärler. Mundan başga-da, 5-nji tapgyrda şu netijeler hasaba alyndy: «Wolfsburg» — «Kýoln» 2:4, «Ştutgart» — «Şalke» 1:1, «Bohum» — «Werder» 0:2, «Aýntraht» — «Leýpsig» 4:0.

Ispaniýanyň La ligasy

La liganyň 4-nji tapgyrynda iň esasy oýun hökmünde «Sewilýa» — «Barselona» gapma-garşylygy dile alnypdy. Ýöne ýer eýeleri bu oýunda merkezi oýna mynasyp ýagdaýda göreşip bilmediler we oýun 0:3 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. «Barselonanyň» gollaryny 21-nji minutda Rafinýa, 36-njy minutda Lewandowskiý, 50-nji minutda Garsiýa derwezä ýollady. «Barselonanyň» esasy garşydaşy «Real» hem tapgyrda üç utuk gazanmagy başardy. Korollyk gwardiýasy 4-nji tapgyrda «Betisiň» garşysynda nyzama düzülip, 2:1 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy. «Reala» ýeňiş getiren gollary Žunior (9) we Rodrigo (65) derwezä ýollady. «Betisiň» ýeke-täk jogap topy bolsa, 17-nji minutda Kanalesiň adyna ýazyldy. La Ligada tapgyryň sensasiýasy hökmünde «Atletikonyň» «Real Sosýedadyň» myhmany bolup, utuk ýitirendigini agzamak mümkin. Bu oýunda myhmanlar 5-nji minutda Moratanyň goly bilen öňe saýlanan hem bolsalar, ýer eýeleriniň 55-nji minutda Umaryň goly bilen hasaby deňlemekleri, duşuşygyň 1:1 hasabynda deňlikde gutarmagyna şert döretdi. Şeýle-de La liganyň 4-nji tapgyryndan orun alan oýunlarda düýn şu netijeler hasaba alyndy: «Selta» — «Kadis» 3:0, «Malýorka» — «Žirona» 1:1.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň