Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nur-Sultanda türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi

11:2903.09.2022
0
10031
Nur-Sultanda türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi
Surat: mfa.gov.kz

2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Nur-Sultan şäherinde Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ermuhambet Konuspaýew Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew bilen duşuşdy.

Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýlan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we onuň geljegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Şeýle-de 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde geçiriljek möhüm syýasy çärelere türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda GDA-nyň sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti we beýleki halkara çäreler bar.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat edaralarynyň çäginde bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň