Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nokia» zibilden ýasalan ilkinji smartfonyny tanyşdyrdy

11:0003.09.2022
0
15724
«Nokia» zibilden ýasalan ilkinji smartfonyny tanyşdyrdy
Surat: gazeta.ru

«HMD» kompaniýasy «Nokia» brendiniň astynda täze X30 5G smartfony bilen tanyşdyrdy we ol taryhda kompaniýanyň ekologiýa taýdan iň arassa önümidir. Ýagny täze «Nokia X30 5G» smartfony gaýtadan işlenen alýuminden we plastikden edilendir diýip, «The Verge» neşiri habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Habarda enjamyň alýumin çarçuwasynyň tutuşlygyna gaýtadan işlenen metaldan, yzky gapagynyň 65 göteriminiň gaýtadan işlenen plastikden ýasalandygy aýdylýar. Smartfonyň gaby hem 70 göterim gaýtadan işlenen kagyzdan ýasalan.

«Nokianyň» täze enjamy galan ýagdaýlarda adaty android - smartfondyr.

Täze önüm Ýewropada 2022-nji ýylyň sentýabrynyň ahyrlarynda 520 ýewro baha bilen satuwa goýberiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň