«Aýs» haryt nyşanly gazlandyrylan içgilerde «Iç we utuş gazan» aksiýasy yglan edildi

08:4501.09.2022
0
17474

«Aýs» haryt nyşanly gazlandyrylan içgileriň kärhanasy «Iç we utuş gazan» atlandyrylan aksiýa çäresini yglan edendigini habar berýär. Alyjylar bu hili içgileriň energetik tagamly görnüşleriniň gapagyndan dürli hili sowgatlary, şol sanda smartfonlary, telewizorlary, sowadyjylary, kir ýuwujy maşynlary, welosipedleri we beýleki sowgatlary tapyp, utuş gazanyp bilerler.

Gazly suwlaryň gapagynda gizlenen sowgatlaryň utuşly aksiýa çäresi 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 31-nji dekabry aralygynda geçirilýär. Utuşly gapagy tapan müşderiler (+993 12) 52 24 00 telefon belgisine jaň edip, utuşlaryny alyp bilerler.

Utuş sowgatlary kärhana tarapyndan «Aýs» haryt nyşanly zirk hem-de zirk-ýertudana tagamly gazly energetik suwlaryň gapaklarynda ýerleşdirildi. Bu içgiler bolsa ýurduň ähli welaýatlaryndaky dükanlarda alyjylara ýetirilýär.

«Aýs» kärhanasy energetik tagamly içgilerden başga-da, kola, fanta, limonad, tarhun, üzüm tagamly gazly içgileri, şeýle-de limon, ýertudana we narpyz tebigy tagamly gazsyz suwlary hem-de gazlandyrylan mineral içgileri öndürýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Elektron poçta salgysy: ays-tm@mail.ru;
  • Telefon belgisi: (+993 65) 01 72 43.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň