Turkmenportal logo
30.08.22
1554615546
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Altyn asyr» birinji aýlawy ýeňiş bilen tamamlady

«Altyn asyr» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynda «Nebitçini» myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňdi.


Duşuşykda «aragatnaşykçylaryň» gollaryny Begençmyrat Myradow (18-nji minut) bilen Begmyrat Baýow (51-nji minut) dagylar geçirdi.


Duşuşygyň 6-njy minudynda «Nebitçiniň» futbolçysy Arslangylyç Nazgylyjow ikinji sary kartdan soň meýdandan çykaryldy.


Bu ýeňişden soň utugyny 15-e çykaran «aragatnaşykçylar» ikinji orundaky ýerini goradylar. 3 utukly «Nebitçi» bolsa ýaryş tertibiniň ahyrky basgançagyndan halas bolup bilmedi.


Birinji aýlawy utulyşsyz tamamlan «Altyn asyr» indiki duşuşygyny 3-nji sentýabr güni myhmançylykda «Energetik» bilen geçirer. Şol gün «Nebitçi» Balkanabat şäherinde «Ahaly» kabul eder.