Soňky habarlar

Arhiw

«Çelsi» ýene-de ýeňildi

10:4231.08.2022
0
8721
«Çelsi» ýene-de ýeňildi
Surat: football24.ru

30-njy awgustda Angliýanyň premýer-ligasynyň bäşinji tapgyry badalga aldy. Tapgyryň çäklerinde düýn duşuşyklaryň dördüsi geçirildi. Günüň iň garaşylmadyk netijesi hökmünde «Çelsiniň» myhmançylykda ýeňlişe sezewar bolmagyny görkezip bolar. «Aristokratlar» bäşinji tapgyrda «Sauntgempotonyň» myhmany bolup, 2:1 hasabynda asgyn geldiler. Duşuşykda Rahim Sterling 23-nji minutda myhmanlary öňe çykaran hem bolsa, Lawiýanyň 28-nji, Adam Armstrongyň 45+1-nji minutda ýollan dürs urgusy ýeňşiň ýer eýeleriniň tarapyna agmagyna şert döretdi. Şeýlelikde, Tomas Tuhelden tälim alýan «Çelsi» APL-yň ilkinji bäş tapgyrynda eýýäm ikinji gezek ýeňlişiň tagamyny dadyp gördi. Günüň ýene bir dartgynly oýnunda «Fulhem» «Braýtony» kabul edip, 2:1 hasabynda üstün çykdy. «Fulheme» ýeňiş getiren gollaryň birinjisini 48-nji minutda derwezä ýollady, ikinji gol bolsa säwlikde öz derwezesine top salan Lýuis Dankyň adyna ýazyldy. «Braýton» bu gollara diňe bir gezek Aleksis Makallisteriň 60-njy minutdaky dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen jogap berdi. Şunlukda, «Braýton» möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Mundan başga-da, düýn «Krystal Pelas» «Brentford» bilen, «Lids» «Ewerton» bilen 1:1 hasabynda deň oýnady.

APL bäşinji tapgyr:

30.08

«Sauntgempton» — «Çelsi» 2:1;
«Fulhem» — «Braýton» 2:1;
«Krystal Pelas» — «Brentford» 1:1;
«Lids» — «Ewerton» 1:1.

31.08

23:30 - «Bornmut» — «Wulwerhempton»;
23:30 - «Mançester Siti» — «Nottingem Forest»;
23:30 - «Arsenal» — «Aston Willa»;
23:45 - «West Hem» — «Tottenhem»;
23:59 - «Liwerpul» — «Nýukasl».

1.09

23:59 - «Lester» — «Mançester Ýunaýted».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň