Soňky habarlar

Arhiw

Mihail Gorbaçýow aradan çykdy

03:1631.08.2022
0
23159

SSSR-iň ilkinji Prezidenti Mihail Gorbaçýow 92 ýaşynda aradan çykdy diýip, TASS habarlar gullugy düýn Moskwanyň Merkezi kliniki hassahanasynyň resmi beýanatyna salgylanyp habar berdi.

«Şu gün agşam agyr we uzaga çeken keselden soň Mihail Sergeýewiç Gorbaçýow aradan çykdy» diýlip, hassahananyň habarynda aýdylýar.

Mihail Gorbaçýow sowet we rus syýasy hem-de jemgyýetçilik işgäridi. Ol SSKP-niň MK-synyň baş sekretary wezipesinde 1985-1991-nji ýyllar aralygynda işledi. Şeýle-de 1990-1991-nji ýyllarda SSSR-iň birinji we ýeke-täk Prezidenti boldy.

1990-njy ýylda Gorbaçýow parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragyna, şeýle hem 300-den gowrak döwlet we jemgyýetçilik baýraklaryna, diplomlara, Hormat hatlaryna we tapawutlandyryş nyşanlaryna mynasyp boldy.

Gorbaçýowyň aradan çykmagy bilen bagly dünýä ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary, görnükli syýasatçylardyr jemgyýetçilik işgärleri gynanç bildirdiler. Olaryň arasynda RF-niň Prezidenti Wladimir Putin, Fransiýanyň Prezidenti

Emmanuel Makron, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula Fon Der Lýaýen we beýlekiler bar.

Tanymal amerikan aktýory Arnold Şwarsenegger merhumy özüniň dosty hökmünde häsiýetlendirdi we Gorbaçýowyň gahryman hökmünde taryhda hemişelik galjakdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň