Soňky habarlar

Arhiw

Türk talyp wizasyny almak üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi belli boldy

20:4530.08.2022
0
61760

Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýeden talyp wizasyny almaklary üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi belli boldy.

Talap edilýän resminamalaryň sanawy, Aşgabatdaky Türkiýäniň ilçihanasynyň öňündäki maglumat tagtasynda ýerleşdirildi.

Gerekli resminamalaryň sanawy:

  1. Onlaýn anketa sahypasy visa.gov.tr;
  2. Uniwersitetlere giriş haty we onuň göçürmesi;
  3. Okap ýören talyplar üçin (3-nji, 4-nji we 5-nji ýyl): talyp kartoçkasy (Öğrenci Belgesi) we baha kitapçasy (Transkript);
  4. Okuw üçin maliýe çykdajylaryny (hemaýatkär haty) ýa-da ene-atanyň iş ýerinden aýlyk mukdaryny görkezýän kepilnama, ene-atanyň türk diline terjime edilen kepillendiriş kepilnamasy;
  5. Orta bilim hakyndaky şahadatnama we onuň göçürmesi;
  6. Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurt pasporty we Türkmenistanyň raýatynyň umumy pasporty we olaryň nusgalary;
  7. Bir surat (ululygy 5x6);
  8. Dalaşgär 18 ýaşdan kiçi bolsa, ene-atalaryň ýurtda okamak üçin razyçylygy (Türkmenistanyň Adalat ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan tassyklanan):
    a) çaganyň Türkiýä okuw bilen bagly uzak möhletli gitmegi üçin ene-atanyň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanmagy.
    b) dogluş şahadatnamasynyň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan göçürmesi.
    Iki resminama hem Türkmenistandaky Türkiýäniň ilçihanasynyň ýanynda işleýän terjime merkezinde türk diline terjime edilmeli we Türkiýe ilçihanasy tarapyndan tassyklanmaly;
  9. Daşary ýurda syýahat etmek üçin lukmançylyk ätiýaçlandyryşy (90 gün);
  10. Turkish Airlines awiakompaniýasynyň alnan ýa-da bron edilen bilet.

Nobata durmak üçin +99312940027 ýa-da +99312940029 jaň etmeli (09:00 — 18:00).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň