Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Türkmenistanda 159 müň 772 çaga 1-nji synpa okuwa barar

09:5830.08.2022
0
27105

Türkmenistanda täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. 1-nji sentýbrda täze mekdepler açylyp, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde 1-nji synpa barýan alty ýaşly çagalar kompýuterleri gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Täze okuw ýylynda Türkmenistan boýunça 1882 sany orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçynyň, şol sanda 1-nji synplarda 159 müň 772 çaganyň, raýat ugurly 20 sany ýokary okuw mekdebinde 65 müň 242, orta hünär okuw mekdepleriniň 42-sinde 26 müň 479 talybyň okamagyna garaşylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, şu ýyl giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran 15 326 talyp ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde öz saýlan hünärleri boýunça bilim alyp başlarlar.

2022-2023-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagy bolsa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň