Soňky habarlar

Arhiw

APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. «Arsenal» birinji, «Lester» iň soňky orunda

01:0329.08.2022
0
11084

Biraz ozal Angliýanyň premýer-ligasynyň üçünji tapgyryndan orun alan soňky duşuşyk tamamlandy. Tapgyryň ahyrky oýnunda «Tottenhem» «Nottingem Forestiň» myhmany bolup, Garri Keýniň 5-nji we 81-nji minutlarda uran gollary bilen 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Mundan başga-da, şu gün ýene iki duşuşyk geçirilip, «West Hem» myhmançylykda «Aston Willany» Fornalsyň 74-nji minutdaky golunyň hasabyna minimal hasapda ýeňlişe sezewar etdi. «Wulwerhempton» — «Nýukasl» gapma-garşylygynda bolsa taraplar utuk paýlaşmaga kaýyl boldular. Oýnuň 38-nji minutynda Neweş tapawutlanyp, ýer eýelerini hasapda öňe çykardy, 90-njy minutda Sen-Maksimeniň goly bolsa myhmanlary ýeňlişden halas etdi. Şeýlelikde, üçünji tapgyrdan soňra heniz utuk ýitirmedik «Arsenal» 12 utuk bilen turnir tablisasynda ýeke-täk lider bolup dur. 10 utukdan toplan «Mançester Siti», «Tottenhem» we «Braýton» toparlary 2-4-nji ýerleri paýlaşýarlar. Turnir tablisasynyň soňky üç basgançagy bolsa häzirlikçe «Ewerton», «Wulwerhempton» (ikisinde hem 2 utuk) we «Lester» (1 utuk) toparlaryna degişli. Iň netijeli oýunçylaryň sanawynda 6 gol bilen «Mançester Sitiniň» 22 ýaşly hüjümçisi Erling Holand kerwenbaşylyk edýär.

Üçünji tapgyryň ähli netijeleri:

«Sauntgempton» — «Mançester Ýunaýted» 0:1;
«Brentford» — «Ewerton» 1:1;
«Çelsi» — «Lester» 2:1;
«Liwerpul» — «Bornmut» 9:0;
«Mançester Siti» — «Krysatl Pelas» 4:2;
«Braýton» — «Lids» 1:0;
«Arsenal» — «Fulhem» 2:1;
«Wulwerhempton» — «Nýukasl» 1:1;
«Aston Willa» — «West Hem» 0:1;
«Nottingem Forest» — «Tottenhem» 0:2.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň