Soňky habarlar

Arhiw

Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi

12:2028.08.2022
0
14810

Şenbe güni Angliýanyň premýer-ligasynyň üçünji tapgyrynyň birnäçe duşuşyklary geçirildi. Günüň dowamynda geçirilen oýunlaryň hiç birinde öňdebaryjy toparlar utuk ýitimedik bolsalar-da, muňa garamazdan her bir duşuşyk futbol janköýerleri üçin özboluşly futbol spektaklyna öwrüldi diýip bileris. Janköýerler şenbedäki oýunlarda bir goluň oýnuň ykbalyny çözen finalpisint gapma-garşylyklaryna-da, gollar şüweleňine-de, ýeňlişden ýeňşe tarap öwrülişik ýasan kembeklere-de şaýat boldular. Indi esasy oýunlar barada biraz giňişleýin:

«Sauntgempton» — «Mançester Ýunaýted» gapma-garşylygy ýiti göreşlere baý ýagdaýda geçen hem bolsa, duşuşygyň ykbalyny ýeke-täk gol çözdi. Has takygy, myhmanlaryň portugaliýaly oýunçylarynyň işjeňligi topara ýeňiş getirdi. 55-nji minutda sag gyraky goragçy Dalotuň beren pasyny çalasyn hereket bilen gola öwren Bruno Fernandeş «Ýunaýtede» örän möhüm üç utugy sowgat etdi. Duşuşykda myhman toparyň düzüminde täze transfer edilen oýunçy Kazemiro APL-daky debýutyny amala aşyrdy. Ol oýnuň ahyrlarynda Elanganyň ornuna ätiýaçdan oýna goşuldy. Şeýlelikde, «Mançester Ýunaýted» ýarym ýyldan soňra myhmançylykdaky ilkinji ýeňşini baýram etdi. Mundan ozal topar soňky gezek 20-nji fewralda «Lidsi» myhmançylykda ýeňlişe sezewar edipdi. «Gyzyl şeýtanlar» şondan bäri «Mançester Siti», «Ewerton», «Liwerpul», «Arsenal», «Braýton» hem-de «Brentford» ýaly toparlara garşy myhmançylykdaky oýunlarda asgyn gelipdi. Şeýle-de «Ýunaýted» alty aýlyk arakesmeden soňra premýer-ligada bassyr iki ýeňiş gazanmagy başardy.16-njy fewralda «Braýtony» we 20-nji fewralda «Lidsi» yzly-yzyna ýeňeli bäri «Mançester Ýunaýtede» premýer-ligada bassyr iki ýeňiş gazanmak başartman gelýärdi.

«Çelsi» — «Lester» oýnunda ýer eýeleri uly gahrymançylyk görkezip, ýeňiş gazanmagy başardylar. Sebäbi «aristokratlar» Gallaheriň 6 minudyň içinde iki gezek emin tarapyndan sary duýduryş bilen «sylanmagy» netijesinde, 28-nji minutdan soňra meýdanda bir oýunçy azlykda hereket etmediler. Ýöne bu kynçylyk Tomas Tuheliň toparynyň ýeňiş gazanmagyna böwet bolup bilmedi. Rahim Sterlingiň 47-nji we 63-nji minutlarda uly sahna çykmagy «Çelsiniň» üç utuk gazanmagy üçin ýeterlik boldy. «Lester» bu gollaryň birine Barnsyň 66-njy minutdaky dürs urgusy bilen jogap gaýtardy, emma oýnuň soňuna çenli myhmanlara ýeňlişden halas bolmak başartmady. Oýun bilen bagly ýene bir bellenilmeli maglumat, «Çelside» debýut gollaryny geçiren Rahim Sterling hem «Çelsiniň», hem «Liweprulyň», hem «Mançester Sitiniň» düzüminde tapawutlanan üçünji oýunçy boldy. Mundan ozal Nikolýa Anelka we Deniýel Starrij bu üç toparynyň lybasynda-da gol urmagy başarypdylar.

Angliýanyň prmeýer-ligasyna şu ýyl dolanan «Bornmut» topary bu ýyl gelen ýerine rowana boljaga meňezýär. «Bornmut» APL-yň üçünji tapgyrynda geçen tapgyrdan soňra gazap atyna münen «Liwerpulyň» myhmany bolup, sözüň doly manysynda, garşydaşynyň öňünde alaçsyz galdy. Firminonyň ( 2 gol, 3 golly pas) benifisine öwrülen oýunda «Liwerpul» eýýäm birinji ýarymyň özünde myhmanyny bäş gol («Liwerpul» heniz APL-yň çägindäki hiç bir oýunda birinji ýarymda bäş gol urup görmändi – toparyň rekordy) bilen «hezzetledi». Ýöne ýer eýeleri ikinji ýarymda hem köşeşmediler we garşydaşynyň derwezesini ýene dört gezek dürs nyşana aldylar. Şeýlelikde, oýun 9:0 (iň uly hasapdaky ýeňiş boýunça APL-yň rekordy gaýtalandy) hasabynda «Liwerpulyň» peýdasyna tamamlandy. Duşuşykdaky gollara aşakdaky oýunçylar awtorluk etdiler:

Dias (3, 85), Elliot (6), Aleksandr-Arnold (28), Firmino (31, 62), wan Deýk (45), Merfi (46, awtogol), Karwalýo (80).

Maglumat üçin, bu üstünlik «Liwerpula» tälim berýän Ýurgen Klopp üçin tälimçilik karýerasyndaky iň uly hasapda gazanylan ýeňiş boldy.

Üçünji tapgyrda «Mançester Sitiniň» myhmany bolan «Krystal Pelas» «Nýukaslyň» geçen tapgyrdaky görkezen «hokgasyny» gaýtalamaga synanyşdy. Ilkibaşda hemmesi ugruna-da boldy. Stounzyň 4-nji minutdaky awtogoly we Ýoahim Anderseniň 21-nji minutdaky dürs urgusy myhmanlara arakesmä 2-0 hasabyndaky üstünlik bilen çykmaga mümkinçilik berdi. Emma ikinji ýarymda «şäherliler» oýnuň jylawyny öz ellerine almagy başardylar. Bernardu Silwanyň 53-nji minutdaky goly we Erling Holandyň 19 minutyň içinde (62, 70, 81) amala aşyran het-trigi oýnuň 4-2 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlanmagyna getirdi. Oýun bilen bagly gyzykly maglumatlaryň hatarynda Erling Holandyň karýerasyndaky het-trikleriň sanyny 13-e ýetirendigini agzamak bolar. Heniz 23 ýaşyny doldurmadyk oýunçy üçin, hakykatdan hem, ajaýyp görkeziji. Şenbe agşamynda «Siti» üçin ilkinji het-trikini amala aşyran oýunçynyň hasabynda APL-yň bu möwsüminde urlan 6 gol bar.

Günüň ahyrky oýnunda turnir tablisasynyň birinji ýerindäki «Arsenal» öz öýünde «Fulhemi» kabul etdi we «Sitiňkiçe» bolmasa-da, biraz kiçeňräk kembek bilen üç utuga eýe çykdy. Has takygy, oýnuň 56-njy minutynda ýer eýeleriniň goragçysy Gabriel Magalýans gödek ýalňyşlyk goýberip, ondan dürs peýdalanan Mitrowiç «Fulhemi» hasapda öňe alyp çykdy. Ýöne «Arsenal» goldan soňra derrew özüni dürsemegi başardy. Netijede 64-nji minutda Martin Edegor hasaby deňlän bolsa, 85-nji minutda Magalýans gola getiren ýalňyşyny gol bilen ýuwdy we «Arsenala» turnir tablisasyndaky liderligini gaýtaryp berdi. Şunlukda «Arsenal» APL-yň bu möwsümini bassyr dört ýeňiş bilen başlady. «Topçularyň» şeýle şowly badalgasy soňky gezek 2004-nji ýylda hasaba alnyp, «Arsenal» şol möwsümde çempionaty ikinji orunda tamamlapdy.

APL - üçünji tapgyr:

Şenbe güni geçirilen oýunlaryň netijesi:

  • «Sauntgempton» — «Mançester Ýunaýted» 0:1;
  • «Brentford» — «Ewerton» 1:1;
  • «Çelsi» — «Lester» 2:1;
  • «Liwerpul» — «Bornmut» 9:0;
  • «Mançester Siti» — «Krysatl Pelas» 4:2;
  • «Braýton» — «Lids» 1:0;
  • «Arsenal» — «Fulhem» 2:1.

Şu gün boljak oýunlar:

  • 18:00 - «Wulwerhempton» — «Nýukasl»;
  • 18:00 - «Aston Willa» — «West Hem»;
  • 20:30 - «Nottingem Forest» — «Tottenhem».
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň