Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awazada üç aýda 150 müňden gowrak adam dynç aldy

22:0927.08.2022
0
29231

Habar berşimiz ýaly, şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde hereket edýän düzümleriň dolandyryş we hojalyk işlerine zerur üns berilmelidigini, munuň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi. Deňziň kenarynda dynç alýanlar üçin häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini peýdalanyp, şüweleňli çykyşlaryň guralmalydygyny nygtady.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza derýasynyň kenarynda bezeg maksady bilen gurlan agaç gämä geldi. Awazanyň myhmanlaryna hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmalydygyny we hiliniň ýokarlandyrylmalydygyny belledi. Bu babatda Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimine degişli maslahatlary berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, şu ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde Awazada dynç alanlaryň sany bilen gyzyklandy. Häkim üç aýyň dowamynda bu ýerde dynç alanlaryň sanynyň 150 müňden aşandygyny habar berdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu maglumatyň guwandyryjy görkezijidigini belledi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň