Soňky habarlar

Arhiw

«Ýaňlan, Diýarym! – 2022» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

21:3227.08.2022
0
29963

Şu gün «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! – 2022» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, ol her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýar. Şu ýyl bu aýdym-saz bäsleşiginiň döredilmegine 30 ýyl doldy.

Zehinli aýdymçylaryň döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurduň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Telebäsleşigiň jemi üç tapgyryna aýdymçylaryň müňe golaýy gatnaşdy. Onuň şertlerine laýyklykda, emin agzalarynyň garamagyna dürli aýdymlar hödürlenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde halk aýdymlary we dürli awtorlaryň döreden aýdymlary, nusgawy eserler ýaňlandy. Emin agzalary olara aýdym aýtmak, ýerine ýetirijilik ussatlygy we özboluşlylygy, şeýle hem artistçilik ukyplary boýunça baha berdiler.


Netijede, iň gowy ýaş aýdymçylaryň 6-sy «Ýaňlan, Diýarym! – 2022» telebäsleşiginde öňe saýlanmagy başardylar. Olar bäsleşikde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanandyklary üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Ýaňlan, Diýarym! – 2022» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen, şeýle-de ýeňijiniň Diplomy bilen sylaglanyldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri:

  • Gözel Akmyradowna Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby;
  • Ýagşygül Gurbanannaýewna Muhammedowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň Kelete ülşüniň öýdeçi halyçysy;
  • Durdy Annamämmedowiç Annaýew, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Balkanabatnebitönümleri» kärhanasynyň mehaniki abatlaýyş sehiniň başlygy;
  • Batyr Bäşim ogly Agaýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby;
  • Bäşim Meret ogly Annaýew, Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet bölüminiň Akgala geňeşligindäki Akgala oba medeniýet öýüniň tans goýujysy;
  • Toýly Rahmedowiç Jumaýew, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň