Soňky habarlar

Arhiw

3-nji sentýabrda Türkmenistanda zehinli çagalaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler

17:5027.08.2022
0
24586
3-nji sentýabrda Türkmenistanda zehinli çagalaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler

3-nji sentýabrda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2022-2023-nji täze okuw ýylyna, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, wise-premýer zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna aýdymçy çagalaryň 18-siniň hem-de tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-siniň gatnaşmaga hukuk gazanandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, zehinli çagalary ýüze çykarmak boýunça işleri geljekde-de dowam etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere 3-nji sentýabrda geçiriljek ýaş ýerine ýetirijileriň konsertine taýýarlygyň barşyna talabalaýyk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň